2024-nji ýylyň 20-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkmen-türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen bolýar.
22-nji oktýabrda Türkmen-türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi we geljegi barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrüldi. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlament dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak we parlament diplomatiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri artdyrýar.
Şunuň bilen bir hatarda, parlamentiň agzalary parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we parlament wekiliýetleriniň özara saparlaryny guramak meselelerine garadylar.
Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Daşary ýurtlardaky diasporalaryň we watandaşlaryň işleri boýunça müdirliginiň başlygy Abdullah Eren we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ugutdaş komitetleriniň ýolbaşçylary – Daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaý we Içeri işler boýunça komissiýasynyň başlygy Suleýman Soýlu bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyna gönüden-göni ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga iki ýurduň aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Taraplar parlamentara gepleşikleriniň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga gönüden-göni hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle-de 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we olary pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.