2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Pakistanyň parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilelikde Pakistan Yslam Respublikasynyň Allama Iqbal Open uniwersitetinde «Gündogar paýhasynyň nusgawy şahyrlary: Magtymguly Pyragynyň we Allama Ykbalyň intellektual mirasy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guradylar.
Çäre Pakistanyň hökümetiniň Milli miras we medeniýet boýunça Federal sekretary Hasan Nasir Jamy, Pakistanyň parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň Prezidenti Farhat Asif, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Atajan Möwlamow, şeýle-de Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri, Pakistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de KHBS gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda görnükli şahyryň döredijilik mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Maslahatyň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Ilçihana tarapyndan ýadyrgärlik sowgatlary gowşuryldy.