2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ bilen ykdysady we ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäginde wekiliýetiň ABŞ-nyň Eksport-import bankynyň (EXIM) prezidenti we müdiriýetiniň başlygy Reta Jo Lýuis we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Riçard Dýuk bilen gepleşikleri geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky başlangyçlar, metanyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem kabul ederlikli ykdysady, energiýa we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar durnukly ösüşi ilerletmek babatynda bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler we bu maksatlara ýetmek üçin maliýe we tehnologiki çeşmeleri çekmegiň ýollaryny öwrendiler.