icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

10 dekabr 2024

177

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu gün biz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini bellemek isleýärin. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi.

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Hormatly adamlar!

Siziň ähliňizi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi has-da dabaralandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara guramalar bilen durmuşa geçirilýän işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamany taýýarlamagy üns merkezinde saklamaly. Şol resminamada Bitaraplygyň kadalary aýdyň beýan edilmelidir. Daşary işler ministrligi bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamaly. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet bermeli. 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisi geçiriler.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr. Şoňa görä, geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermeli. Şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek zerurdyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem biziň ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň daşary syýasatymyz halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidir. Maglumat beriş işlerinde öňde goýýan wezipelerimiz has giň gerimli bolmalydyr.

Bitarap döwletimiziň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, gadymy ýadygärlikleri, özboluşly, ajaýyp tebigaty, häzirki zaman «akylly» şäherleri, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri beýan edilmelidir. Munuň üçin hemme ilçihanalarymyza bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrmaly.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaly.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar. Şolaryň arasynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle hem şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimli we köp sanly meseleleri öz içine alýar. Geljek ýylda-da Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirer.

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitindäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirer. Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar. Bu sebitleriň ýurtlarynyň hem biziň döwletimiz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek isleýärin. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli. Daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly üns bermeli.

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine aýratyn ýüzlenmek isleýärin: geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýa örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan we ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän ýurtlaryň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmaly.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi we onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrýaryn. Biz bu komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidiris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda siziň uly işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn. Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi