21 ýanwar 2025
3238
Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýanyndaky hemişelik wekili Ylýas Gaýypow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana ynanç hatlaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramak meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili we YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Başga habarlar
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16
Sep
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
Ähli habarlary görmek