icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

18 fewral 2025

623

Seul şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi bilen Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti, Geňeşiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew bilen  Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti, Geňeşiniň Başlygy, BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda Pan Gi Mun türkmen tarapyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň dowamynda bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýerýändigine, sebitde parahatçylygy we ösüşi işjeň goldaýandygyna hem-de ynsanperwer daşary syýasatyna ygrarlydygyna ýokary baha berdi we bu ugurda ýurduň görelde bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistan bilen amala aşyrylan uzak möhletleýin gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Pan Gi Mun özüniň BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesinde işlän döwründe 2010, 2015 we 2016-njy ýyllarda Aşgabada amala aşyran saparlaryny, olaryň dowamynda döwlet Baştutany bilen geçirilen gepleşikleri mähirli duýgular bilen ýatlady. Şunuň bilen baglylykda, Pan Gi Mun Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge goşýan uly goşantlaryna ýokary baha berip, olara özüniň  iň oňat arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ilçi B.Durdyýew öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara forumy hem-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada habar berdi.

Pan Gi Mun 2025-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada berlen maglumat üçin minnetdarlyk bildirip, bu çärelere öz tarapyndan zerur bolan halatynda goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda taraplar ýaşyl ösüş pudagynda tejribe alyşmak, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we tokaý zolaklaryny durnukly dolandyrmagyň gurallaryny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi