icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

19 fewral 2025

683

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türki döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň daşary işler we hukuk meseleleri boýunça komitetleriniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň daşary işler we hukuk meseleleri boýunça komitetleriniň mejlisine gatnaşdy.

Forum türki döwletleriniň arasynda parlament derejesinde dostlukly hyzmatdaşlygy goldamagy, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegi, şeýle hem parlamentarileriň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribesini ýaýratmagy maksat edinýär.

Forumyň dowamynda şeýle ýokary derejeli ýygnaklaryň umumy bähbitleri goramak, halkara derejesinde wekilçiligi güýçlendirmek we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni alyş-çalyş we daşky gurşawyň durnuklylygyna ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi