2025-nji ýylyň 12-nji martynda Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda TDG-niň guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi.
Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Wengriýanyň Türkiýedäki Ilçisi, TDG-niň, TÜRKSOÝ-niň we TÜRKPA-niň Baş sekretarlary hem-de Türki Akademiýasynyň, Türki medeniýet we miras gaznasynyň we Türki maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda TDG-niň 11-nji Sammitiniň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilşi, TDG-niň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem-de 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başgada, mejlisiň barşynda TDG-na dahylly halkara guramalaryň ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler boýunça öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekili parahatçylygyň we ynanyşmagyň wajyplygyna ünsi çekdi. M.Işangulyýew gatnaşanlara Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi we 2025-nji ýylda dialogy ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň binýady bolan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.