icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

26 mart 2025

530

Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow öz çykyşynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem giňden dabaralandyrylýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ähmiýetine hem-de onuň ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde peýdalanylmagyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby Sunway uniwersitetiniň kitaphana gaznasyna gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi