icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

27 mart 2025

683

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti ÝUNESKO-da Ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-26-njy martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki edara binasynda geçirilen Ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy. Dialog Durnukly ösüş üçin halkara ylmy onýyllygyň (2024–2033) çäginde guraldy we ählumumy kynçylyklary çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüş ýörelgelerini ösdürmekde ylmy diplomatiýanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden ministrleri, diplomatlary we öňdebaryjy alymlary ýygnady.

Çäre “Çalt üýtgeýän dünýäde ylmy diplomatiýa: erkekleriň we zenanlaryň aňynda parahatçylygy berkitmek” şygary astynda geçirildi. Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlyk, ylmy maglumatlaryň elýeterliligi, gözleg howpsuzlygy we parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde ylmyň ulanylmagy bilen baglanyşykly möhüm meselelere garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki ministrler beýannamasy kabul edildi.

Ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça işjeň syýasaty alyp barýan Türkmenistan ylmy diplomatiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Ýurtda ÝUNESKO-nyň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ylmy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi