icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

05 aprel 2025

750

Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak ÝHHG-niň Baş sekretary bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşler üç ölçegde ÝHHG-niň giň gün tertibini we Merkezi Aziýanyň Helsinki dekalogyny ilerletmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, ulag we söwda aragatnaşygy, adam hukuklary, hukugyň hökmürowanlygy, demokratik institutlar bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi baradaky başlangyç giňişleýin beýan edildi. Bu başlangyç 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilip, BMG tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň dowamynda diplomatiýa, dialog, medeni özara gatnaşyklar, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen köp sanly çäreler geçiriljekdigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi