icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

11 aprel 2025

1302

Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu orta mekdep okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Konsuly, mugallymlar, mekdep okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

Bäsleşige mekdebiň 1-9 synp okuwçylary gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz işlerinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, halklaryň arasyndaky dostluk we Bitaraplyk barada ylham beriji temalary şöhlelendirdiler.

Surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşige Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky orta mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşyp, öz döredijilik işlerini hödürlemek bilen uly gyzyklanma bildirdiler. Sowgat gowşurylyş dabarasy orta mekdepleriň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Şeýle format Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek köprüsi hökmünde bäsleşigiň simwoliki ähmiýetini nygtady.

Ýeňijiler hormat hatlar, ýadygärlik we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Aýratyn tapawutlylygy bilen saýlanan işler üçin Türkmenistanyň Konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi