29 maý 2025
2433
“Newsweek” habarlar agentliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlarda we pudaklarda halkara dialogy giňeltmegi öz içine almak bilen strategiki gyzyklanmalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan formatlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Strategiki seljeriş hasabatlaryny neşir etmek, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlik guramak we “Newsweek” habarlar agentliginiň žurnalistleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
Başga habarlar
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ähli habarlary görmek