Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25–26-njy martynda Nýu-Deli şäherinde Hindistan–Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda “India – Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World” atly halkara maslahaty geçirildi.
Bu halkara maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça tematiki sessiýalar geçirildi.
Rektor G.Ýusupowa maslahatyň “Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly sessiýasynda çykyş edip, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty barada gürrüň berdi.