img
img
img
img
img
img
31 mart 2026
93

Owganystanyň Mazary-Şarif şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy.

Dabaraly çärä türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň geçirilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak babatynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy.

Bellenilişi ýaly, ýadygärligiň abatlaýyş işleri “Akýol” jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy esasynda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy.

Açylyş dabarasyna Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminuallah Sadyk, şeýle hem din alymlary, mugallymlar, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýä medeniýeti üçin hem ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň möhüm orny bellenilip geçildi.