Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyklary geçirdi
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar, hususan-da, syýasy, ykdysady, ulag-energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda ikitaraplaýyn saparlaryň orny barada nygtalyp geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyna degişli resminamalaryna hem seretdiler we olary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
***
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili we I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynyň direktory M.Getiýa hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem dermanlyk ösümliklerini öwrenmek we saglygy goraýyşyň häzirki zaman usullaryna möhüm goşundy hökmünde fitoterapiýany ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Netijeli we howpsuz derman serişdelerini işläp düzmek üçin ösümlikleriň düzümlerini ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Ilçi dermanlyk ösümlikleriň saglyga şypalylygynyň aýratynlyklary, olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanyşy barada giňişleýin maglumatlary beýan edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 17 jiltli kitabynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ugurdaş pudaklaryň arasyndaky ylmy-amaly taýdan özara gatnaşyklary berkitmegiň wajyplygyny nygtadylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Ilçi institutyň çägine aýlanyp, onuň döwrebap enjamlary, şeýle hem alyp barýan ylmy-barlag işi bilen tanyşdy.