Türkmenistanyň wekiliýeti neşe jenaýatçylygyna garşy göreşe bagyşlanan foruma gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-21-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary O.Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Jemgyýetiň saglygy we howpsuzlygy ugrunda transmilli neşe howplaryna garşy göreşmek» atly halkara foruma gatnaşdy. Forum Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Neşe serişdelerine we ot açýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy.
Forumyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy boýunça häzirki global we sebit ýagdaýlary, ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çäreleriň, bejeriş we jemgyýete gaýtadan uýgunlaşdyrmak ulgamlarynyň ösüşi, neşe howplaryna garşy göreşde sanly tehnologiýalaryň we emeli aň esasynda çözgütleriň ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge aýratyn üns berildi.