Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Tokio şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyga “Asia SEED” guramasynyň taslamalary ösdürmek we durmuşa geçirmek müdirliginiň geňeşçisi A.Futohaşi hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da bilimiň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak, KOSEN bilim ulgamyny ýola goýmak, emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiň direktorynyň orunbasary Ý. Sonoýama bilen geçirilen duşuşykda türkmen ýokary okuw mekdebi bilen JICA-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda JICA-nyň maliýeleşdirmeginde ýapon dilini okatmak boýunça hünärmenleriň özara alyş-çalyşygyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem JICA tarapy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny emeli aň boýunça «Maglumat ylymy we emeli aň bilen öz başarnygyňy aç» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek gysga möhletli okuwa gatnaşmaga çagyrdy.