Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda welosipedli ýörişler geçirildi
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilip geçilýän halkara baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, ekologiýa medeniýetini hem-de halkara hyzmatdaşlygy wagyz etmek maksady bilen sport çäreleri geçirildi.
2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäheriniň «Yntymak» seýilgähinde welosipedli ýöriş guraldy. Çärä ilçihananyň işgärleri, türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylara «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň yglan edilendigi barada giňişleýin maglumat berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy tarapyndan hem welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa konsullygyň işgärleri we Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Wolga derýasynyň kenary boýunça geçirilen sport çäresiniň dowamynda Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň durnukly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgelerini we daşky gurşawy goramak ugrunda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydygy bellenildi.
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Buharest şäherinde hem welosipedli ýöriş geçirildi. Çäre Buharest şäher häkimliginiň we «Green Revolution» jemgyýetçilik birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy. Oňa diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, türkmen raýatlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda sport diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmekde möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygy (Dubaý ş.) tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy. Oňa diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen jemgyýetçiliginiň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ösdürmek, ilatyň saglygyny berkitmek we durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek ugrunda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Geçirilen çäreler Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýedigini nobatdaky gezek görkezdi.