03 iýun 2026
2887
Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy (HZG) hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert Hungbo bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, HZG-nyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşykda iki tarap hem işjeň dialogy dowam etdirmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Başga habarlar
13
Noý
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleriniň Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) wekilleri bilen onlaýn duşuşygy
12
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
11
Noý
Türkmenistanyň wekiliýeti altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy
09
Noý
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
09
Noý
Yslamabatda Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti bellenildi
Ähli habarlary görmek