Baku şäherinde adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumy geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ýazdursyn Gurbannazarowa Baku şäherinde geçirilen “Emeli aň eýýamynda adam hukuklary: mümkinçilikler, töwekgelçilikler we jogapkärçilik” atly Ombudsmenleriň halkara sammitine gatnaşdy.
Çärä dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden ombudsmenler we bilermenler, adam hukuklary boýunça milli institutlaryň, halkara guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Sammitiň çäklerinde sanly giňişlikde adam hukuklaryny goramak, şol sanda maglumatlary goramak, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini üpjün etmek we ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagyna garşy göreşmek meseleleri boýunça tematik maslahatlar geçirildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň adam hukuklaryna ýetirýän täsiri, ýüze çykýan ahlak meseleleri we çalt depginde ösýän sanly tehnologiýalar şertlerinde jogapkärçilik barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda sanly gurşawda adam hukuklaryny goramak, sanly sowatlylygy ösdürmek we bu ugurda adalatçy institutlarynyň ornuny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tejribesini paýlaşdy.
Türkmenistanda tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Gyzlaryň we zenanlaryň tehniki bilim almagyna hem-de häzirki zaman hünärlerini ele almagyna goldaw bermek we höweslendirmek has deňagramly we adalatly jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär.
Sammitiň jemleri boýunça gatnaşyjylar Emeli aň we adam hukuklary boýunça Baku Jarnamasyny kabul etdiler.