img
img
img
img
img
img
01 iýul 2026
78

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy iýuny–1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyMergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa gulluk iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň maksady 2027-nji ýylyň 19-njy marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine taýýarlyk görmek maksady bilen guralan halkara gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat boldy.

Halkara gatnaşyjylaryň duşuşygynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak, milli pawilýony guramak we dolandyrmak, logistika, Türkmenistanyň milli gününi guramak hem-de beýleki guramaçylyk meseleler boýunça geçirilen umumy we panel sessiýalara, duşuşyklara, şeýle hem tanyşdyryş saparlaryna gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) Ýerine ýetiriji wise-prezidenti T.Suzuki hem-de «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary K.Haçiýama bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, 2027-nji ýylda Tokio şäherinde kiçi we orta telekeçileriň gatnaşmagynda Türkmen-ýapon işewürler forumyny guramak, hem-de ýurdumyzyň «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.