img
16 iýul 2026
63

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 16-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan syýasatyna ýokary baha berildi. Hususanda, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçiniň arasynda geçirilen dostlukly we işjeň gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen JICA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda bar bolan tehniki hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, türkmen hünärmenleri üçin okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işläp düzmek, wodorod energiýasy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek, «Bir oba, bir önüm» başlangyjyny öňe sürmek, şeýle hem sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, durnukly ösüş we adam kapitalyny ösdürmek, emeli aň we sanly özgertme, ykdysady, senagat we tehnologiýa alyş-çalyşlary, medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.