img
17 iýul 2026
62

Türkmenistanyň Ilçisiniň Fransiýanyň öňdebaryjy «ESSEC» biznes mekdebiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Pariždäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi M.Çaryýew bilen «ESSEC» biznes mekdebiniň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, goşmaça bilim maksatnamalary we korporatiw gatnaşyklar boýunça dekany Žýulýen Moloreniň arasynda duşuşyk geçirildi.

1907-nji ýylda döredilen «ESSEC Business School» biznes, dolandyryş we ykdysadyýet ugurlary boýunça Fransiýanyň hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ol Fransiýanyň abraýly «Grande École» ulgamyna girýär we Fransiýada, Singapurda hem-de Marokkoda okuw merkezlerine eýedir. Mekdep dünýäniň köp sanly uniwersitetleri we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edip, dolandyryş, telekeçilik, innowasiýalar hem-de ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak boýunça halkara derejesinde ykrar edilýär.

Duşuşygyň dowamynda Žýulýen Moloren «ESSEC» biznes mekdebiniň işi barada maglumat berdi hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilim, ylym we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Bilelikdäki okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alyş-çalşygyny ýola goýmak, ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem bilim edaralaryny dolandyrmak boýunça tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.

Türkmenistanyň Ilçisi Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2025-nji ýylda Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylandygy barada habar berdi. Bu ýokary okuw mekdebi ykdysadyýet, dolandyryş, telekeçilik we döwrebap tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.