03 awgust 2026
1448
Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar.
Başga habarlar
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşy
16
Sep
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
Ähli habarlary görmek