Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän Halkara kosmos sammitine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady.
Çärä Türkmenistan bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, kosmos senagatynyň, ylmy we maýa goýum toparlarynyň 2 000-e golaý wekili gatnaşýar.
Çäräniň ilkinji gününde geçirilen panel ara alyp maslahatlaşmalarynda we ugurdaş mejlislerde kosmos infrastrukturasyny we senagatyny ösdürmek, kosmos tehnologiýalaryna elýeterliligi giňeltmek, emeli aňy we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem kosmosy öwrenmek, Ýere we ummanlara gözegçilik etmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň çäklerinde kosmos pudagyndaky döwrebap işläp taýýarlamalar we innowasion çözgütler bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy.
Halkara kosmos sammitiniň işi dowam edýär.