img
img
img
img
img
img
img
img
28 sentýabr 2026
62

Türkiýede we Pakistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynda we Pakistan Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi.

Ankaranyň iň belent binalarynyň biri bolan, beýikligi 140 metre ýetýän Türkiýäniň Söwda-senagat edaralary we biržalary birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Baýramçylyk bezegi binanyň ýüzünde türkmeniň milli göllerini, ýarym aýy we bäş ýyldyzy şöhlelendirip, iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanyna öwrüldi.

* * *

Pakistanda bolsa 2026-njy ýylyň 25–27-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen The Centaurus Mall söwda merkeziniň hem-de onuň düzümindäki Mövenpick myhmanhanasynyň uly daşky ekranynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan wideoroligiň görkezilişi guraldy.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, onuň durmuş-ykdysady ösüşini we türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny şöhlelendirýän wideogörkeziş Yslamabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny häzirki zaman Türkmenistan bilen tanyşdyrmaga ýardam etdi hem-de iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.