Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy sentýabryndan 1-nji oktýabryna çenli Abu-Dabide Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresi geçirildi. Bäş ýylda bir gezek geçirilýän foruma dünýäniň onlarça ýurdynyň wekilleri, şol sanda 32-den gowrak adalat we içeri işler ministrini bir ýere jemledi. Kongrese Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Ýokary derejeli bölümde çykyş eden wekiliýetiň ýolbaşçysy Kongresi gurandyklary üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligine (UNODC) we emirlik tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de milli syýasatyň kanunyň hökmürowanlygyna we jenaýatçylygyň öňüni almagyň ileri tutulmagyna esaslanýandygyny belledi. Baş prokuraturanyň adam söwdasyna we korrupsiýa garşy göreş hem-de jenaýat işleri boýunça halkara hukuk kömegi babatda merkezi ygtyýarly edaradygy nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan adam söwdasyna we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Milli hereket meýilnamalary barada maglumat berildi.
Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy BMG-niň konwensiýalaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de UNODC, GlobE ulgamy we Ýewraziýa topary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy belledi.
Kongresiň esasy netijesi geljekki bäş ýyl üçin bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän Abu-Dabi Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy. Resminama guramaçylykly jenaýatçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşi, emeli aňyň jogapkärli ulanylmagyny, ejir çekenleriň goralmagyny, emläkleriň yzyna gaýtarylmagyny we korrupsiýa garşy göreşi öz içine alýar. Jarnamany durmuşa geçirmek üçin «Pledge4Justice» başlangyjy ýola goýuldy.