Daşkentde «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň milli medeni merkezleriniň pawilýonynda «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowany hormatlamak dabarasy geçirildi. Bu halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.
Çärä Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar baradaky komitetiniň başlygy K.Sariýew, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, milli medeni merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen baş baýrak - «ZEEKR 9X» kysymly awtoulag gowşuryldy.
Çärede çykyş edenler «Tatar kyzy» halkara bäsleşiginiň milli medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde, zehinli ýaşlary goldamakda, şeýle hem halklaryň arasynda dostlugy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.