Daşkentde sebit hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça bilermen-diplomatik dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan: ynama we hyzmatdaşlyga esaslanýan täze syýasy gurşaw» atly bilermen-diplomatik dialog geçirildi.
Çäre 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň resmi däl Konsultatiw duşuşygynyň hem-de 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sekizinji Konsultatiw duşuşygyň netijelerine bagyşlandy.
Dialoga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçileri, Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň ýolbaşçylygy, diplomatik wekilhanalaryň, bilermen-seljeriş toparlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynda önümçilik tejribesini geçýän talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda syýasy ynamy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Dialogda çykyş eden Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş. Meredow Çolpon-Atada we «Awazada» geçirilen duşuşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşine täze itergi berendigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryna, şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň gatnaşyjylary sebit döwletleriniň, diplomatik wekilhanalaryň we bilermenler jemgyýetçiliginiň arasynda açyk we konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.