img
img
img
img
img
img
img
img
27 noýabr 2026
18

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24–27-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky (oturýan ýeri Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A. Baýramow Kanberra, Sidneý we Melburn şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ilçisi bilen Awstraliýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň sekretarynyň orunbasary K. Çittik bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, ilkinji türkmen-awstraliýa syýasy geňeşmelerini geçirmek mümkinçiligini, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde Awstraliýanyň döwlet edaralarynyň, işewür we akademiki toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda bilim, ylym, maýa goýumlary, söwda we şäherara hyzmatdaşlyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň netijeleri Türkmenistan bilen Awstraliýanyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.