icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

14 awgust 2018

2073

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde eden ÇYKYŞY

(2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­ty, Ak­tau şä­he­ri)

Hor­mat­ly döw­let Baş­tu­tan­la­ry!
Hor­mat­ly we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry!

Il­ki bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Abi­şe­wiç Na­zar­ba­ýe­we myh­man­sö­ýer­lik we ne­ti­je­li iş­le­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

Şu gün­ki du­şu­şyk bi­ziň halk­la­ry­myz we döw­let­le­ri­miz üçin mö­hüm wa­ka­dyr. Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň üs­tün­de al­nyp bar­lan ýe­ňil bol­ma­dyk iş ta­mam­lan­dy. Bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da dür­li ul­gam­lar­da­ky ýo­ka­ry hü­när­li, hyz­mat­daş­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­ma­ga taý­ýar­lyk­ly il­çi­ler, hu­kuk­çy­lar we bi­ler­men­ler bu res­mi­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­ga gat­naş­dy­lar. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Li­der­le­ri­niň sy­ýa­sy er­ki we ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi umu­my üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­my­zyň aý­gyt­laý­jy şer­ti bol­dy.

Hor­mat­ly sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar!

Ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri öz ro­waç­lyk­la­ry­my­zyň ha­sa­by­na ýaz­ma­ga do­ly hak­ly­dy­rys, biz öň­de giň möç­ber­li we mö­hüm işiň dur­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­li­di­ris. Biz uly äh­mi­ýe­ti bo­lan aý­ry-aý­ry ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra iş­jeň he­re­ket­le­riň kes­git­li usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ly­dy­rys. Bu me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­niň üs­tün­de du­rup ge­çe­ýin.

Şu gün gol çe­kil­me­gi­ne taý­ýar­la­ny­lan res­mi­na­ma­lar­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gu­ra­ly­ny dö­ret­mek ba­ra­da düz­gün bar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, sam­mit­den soň­ra ýa­kyn wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­na bu düz­gü­niň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gy tab­şyr­ma­gy tek­lip ed­ýä­rin.

Ha­zar­da bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk köp ba­bat­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de ulag me­se­le­le­ri­ne go­şu­lyş­ma­gy­nyň de­re­je­si­ne bag­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň IV Ha­zar sam­mi­tin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da hem-de ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şyk­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

2019-njy ýyl­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň äh­li­si­niň bu ugur­da ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­nyň tas­syk­na­ma­sy bol­jak­ly­gy­na ynan­ýa­ryn. Bu fo­ru­my Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip ed­ýä­rin.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2010-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len III Ha­zar sam­mi­tin­de Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Şu gün bu yla­la­şy­ga üç tes­wir­na­ma — ter­ror­çy­ly­ga, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş hem-de Ser­het eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi buý­sanç­ly ýag­daý­dyr. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň Ha­zar­da bi­ka­nun iş­le­re gar­şy gö­reş­de ta­gal­la­la­ry­nyň ýa­kyn­dan ut­gaş­dy­ryl­ma­gy se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.

Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­gyň bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky yna­my pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir. Ha­zar­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de go­rap sak­la­mak we­zi­pe­si wagt ba­ba­tyn­da çäk­len­di­ri­len däl­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar­da har­by iş­ler ul­ga­myn­da mun­dan beý­läk-de öza­ra yna­nyş­mak çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de ka­bul et­mek ze­rur­dyr. Ha­zar deň­zi he­mi­şe pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de ynam zo­la­gy­na öw­rül­me­li­dir we şun­da äh­li me­se­le­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly, gep­le­şik­ler ar­ka­ly çöz­mek ze­rur­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­si Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Hut şu gün, 12 ýyl mun­dan ozal, Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa güý­je gir­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bu se­nä­ni Ha­zar deň­zi­niň gü­ni hök­mün­de bel­le­ýär. V Ha­zar sam­mi­ti­niň hut 12-nji aw­gust­da ge­çi­ril­ýän­di­gi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Bu di­ňe bir sim­wo­li­ki däl-de, ser­he­tüs­ti ba­ba­tyn­da daş­ky gur­şa­wa tä­si­re ba­ha ber­mek bo­ýun­ça Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­na tes­wir­na­ma gol çe­kil­me­gi­ne bes­len­di, mu­nuň özi Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­ra­mak üçin hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädim bo­lar. Eko­lo­gi­ýa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, bio­köp­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak me­se­le­le­ri öza­ra aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Türk­me­nis­tan­da şu ýy­lyň güý­zün­de Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­tiň mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Şon­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň hö­kü­me­ta­ra eda­ra­sy hök­mün­de bu ko­mi­te­tiň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin ze­rur çöz­güt­le­riň ka­bul edil­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň bä­şi­si ta­ra­pyn­dan eý­ýäm tas­syk­la­ny­lan beý­le­ki döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra eda­ra­la­ryň ýa­kyn­dan ut­ga­şyk­ly iş­le­mek­le­ri ze­rur di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Hu­su­san-da, mu­nuň özi suw bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça to­pa­ryň hem-de Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň işi­ne de­giş­li­dir.

Bu gu­ra­ma­la­ryň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak hem-de deň­ziň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na tä­sir ed­ýän amat­syz şert­le­riň öňü­ni al­mak ba­ba­tyn­da örän ne­ti­je­li bo­lup bi­ler. Türk­me­nis­tan te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne, hu­su­san-da, Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry bi­len ut­gaş­dyr­ma­ga top­lum­la­ýyn çe­me­leş­ýär.

Ýur­du­myz­da her ýyl “Ha­zar deň­zi — dur­nuk­ly ösüş we do­lan­dy­ryş” at­ly okuw­lar ge­çi­ril­ýär, ol Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň hyz­mat­da­şy bo­lan Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da Ha­zar­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li yk­dy­sa­dy iş­le­riň yl­ma berk esas­lan­ma­ly­dy­gy­na, bo­lup geç­ýän te­bi­gy we ant­ro­po­gen ha­dy­sa­la­ra, mo­ni­to­ring we çak­la­mak ul­ga­my­na bi­te­wi çe­me­le­şil­me­gi­ne da­ýan­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar deň­zin­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek ha­kyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­da la­ýyk bo­lar.

Ha­zar de­ň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry ara­dan aýyr­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­gyň düz­gün­le­ri­ni iş tej­ri­be­si­ne or­naş­dyr­mak­da iler­le­mek iş­le­ri öň­de dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, IV Ha­zar sam­mi­ti­niň Mag­lu­ma­tyn­da adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ra çä­re gör­me­giň gu­ra­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Ha­zar deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­niň ag­la­ba bö­le­gi­niň umu­my suw gi­ňiş­li­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, bu ugur­da mun­dan beý­läk-de iş­le­ri ge­çir­mek ze­rur­dyr.

Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ra tä­sir et­mek hem de­ňiz­de göz­leg-ha­las ediş iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ul­ga­myn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­mak aý­ra­tyn mö­hüm hä­si­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar!

Ha­zar se­bi­ti, oza­ly bi­len, tä­sin, asyr­la­ryň do­wa­myn­da bu ýer­de ýa­şap gel­ýän halk­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň, däp-des­sur­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet­le­ri­niň, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň ke­ma­la ge­len kün­je­gi­dir. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi­niň äh­mi­ýe­ti onuň geog­ra­fi­ki çäk­le­rin­den has giň ge­ri­me eýe­dir. Ol geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň mö­hüm mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär, bu ýer­de de­ňiz, gu­ry ýer we ho­wa ýol­la­ry­ny, gel­je­gi uly ener­ge­ti­ka ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan äh­lu­mu­my de­re­je­li kuw­wat­ly ulag-üs­ta­şyr hal­ka­sy ke­ma­la gel­ýär.

Şo­ňa gö­rä-de, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da baş mak­sat­la­ryň we we­zi­pe­le­riň umu­my­ly­gy­na hem-de üz­nük­siz­li­gi­ne göz ýe­tir­mek esa­syn­da ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­niň ze­rur­ly­gy örän mö­hüm­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ýa­kyn gel­jek we uzak ­möh­let­le­ýin gel­jek­de hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik açyl­ýar. Türk­me­nis­tan Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­ny­lan tej­ri­be­si­niň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň asyr­la­ra uza­ýan ýö­rel­ge­le­ri­niň baý­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ynan­mak bi­len, bu iş­le­re taý­ýar­dyr.

Şu gün­ki sam­mit bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri hem-de bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak esa­syn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, umu­my­ha­zar gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek, hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek — bu­la­ryň äh­li­si­niň yzy­gi­der­li, bi­te­wi we do­la­nuw­syz hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.

Men Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň hor­mat­ly Baş­tu­tan­la­ry­na Ha­zar­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek iş­le­ri­ne goş­ýan uly şah­sy go­şant­la­ry, bi­le­lik­dä­ki işiň äh­li tap­gyr­la­ryn­da oňyn hem-de öza­ra hor­mat goý­mak duý­gu­la­ry­nyň be­ýan edi­len­di­gi üçin ýe­ne bir ge­zek aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin.

Sö­zü­miň ahy­ryn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gel­jek­ki sam­mi­ti­ni Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip ed­ýä­rin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi