Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.