icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 noýabr 2020

2723

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Siziň Alyhezretiňiz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti!

Hormatly jenap Mun Çže In!

Hormatly adamlar!

Hanymlar we jenaplar!



          Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylaryň ählisini işiň başlamagy bilen mähirli gutlamaga hem-de olara gutlag sözi bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň.

Bu wekilçilikli foruma Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik taýdan ähmiýetli meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, öz wagtynda öňe sürlen başlangyç hökmünde garaýaryn.

 Taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi hökmünde orta çykyp, şol gatnaşyklara onlarça halklar hem-de döwletler goşulyşdy. Ýüzýyllyklaryň dowamynda olaryň arasynda ykdysady we täjirçilik gatnaşyklary ösdürildi, söwda gatnawlary ýüze çykdy hem-de özleşdirildi.

Bu ýagdaýlar hemişe ägirt uly ösüşleri gazanmak wezipesini hem ýerine ýetirip, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara aralaşmagyny üpjün etdi, bu bolsa birek-biregi has oňat tanamaga we düşünişmäge kömek edýärdi.

Toplanan köpasyrlyk tejribä akyl ýetirmek hem-de ony häzirki anyk ýagdaýlara we şertlere hakyky uýgunlaşdyrmak—Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalary we strategiýalary döredilende şu günki günde umumy wezipeler, biziň pikirimizçe, hut şeýdip kesgitlenilmelidir.

 Biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi diýip atlandyryp, bu ýerde ýaşaýan halklaryň hem-de onuň ugrunda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň täsin häsiýetiniň taryhy taýdan dowamatlylygyny aýdyňlaşdyrýarys.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň “Täze Demirgazyk Ykdysady syýasat” başlangyjyna hut şeýle nukdaýnazardan öz çemeleşmesini kemala getirýär.

Biz bu taslama hormat we hoşniýetlilik bilen garap, onuň amala aşyrylmagy Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlar boýunça häzirki zamanyň geoykdysady gurluşyny ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup biler diýip hasaplaýarys.

 “Täze Demirgazyk Ykdysady syýasatyň” esasynda goýlan maksatlaryň we ýörelgeleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň köpugurly energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde, özara baglanyşykly bolan önümçilik tapgyrlarynyň hem-de Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmeginde anyk höweslendiriji güýje öwrüljekdigine ynanýaryn.

Biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbiniň baş mazmuny hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden ybarat bolmaly diýip hasaplaýaryn. Munuň özi hakyky ýagdaýdyr, şoňa görä-de, onda ösüşe gönükdirilen islendik netijeli strategiýalar bähbitleriň hem-de uzakmöhletli maksatlaryň gabat gelmeginiň we utgaşmagynyň esasynda birek-biregiň ornuny tutman, eýsem, üstüni ýetirmäge hyzmat etmelidir.

 Ol ýa-da beýleki taslamalar meýilleşdirilende we durmuşa geçirilende, Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bolan düýpli garaýşy hem-de hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň görnüşi şunda jemlenýär.

 Şunda biz gatnaşyklaryň köptaraply görnüşlerini diňe berkidýän we baýlaşdyrýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligine hem ynanýarys.
Şunuň bilen baglylykda, biz Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklarymyzy häsiýetlendirýän özara düşünişmegiň, netijeliligiň we ikitaraplaýyn bähbidiň gazanylan derejesine ýokary baha berýäris.

 Soňky wagtlarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy depginli we durnukly amala aşyrylýar. Maýa goýum hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär.

 Eýýäm ençeme ýyl “LG” we “Hyundai” koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag ulgamlarynda netijeli işleýärler.

Koreýanyň şu we beýleki kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan strategiki taslamalaryň hatarynda ýurdumyzda tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň desgasyny, ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamynyň gurluşyny we maslahat beriş hyzmatyny, Koreýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilýän awtomobil tehnikalaryny ibermegiň durnukly ulgamynyň döredilmegini agzap bolar.

 Ylmy pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we älem ulgamlarynda, suwdan peýdalanmakda, hususan-da, deňiz suwuny süýjetmek babatda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly geljegi görýäris.

 Pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň işewür jemgyýetçiligine türkmen bazaryna has işjeň çykmak baradaky çakylyk bilen ýüzlenýärin. Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegine has doly goldaw bermäge, olar üçin has oňaýly şertleri döretmäge taýýardyrys.


 

Foruma gatnaşyjy hormatly adamlar!


          Hyzmatdaşlyk etmäge öz çemeleşmämizi kesgitläp, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar bilen çykyş etmek arkaly, Türkmenistan Aziýanyň ägirt uly ynsan başarnyklary, intellektual, maliýe, senagat, tehnologik kuwwaty bilen köp babatda ählumumy ösüşiň geljekki gün tertibini kemala getirjekdiginden ugur alýar.

Häzir Aziýa döwletleri ähmiýetli hem-de geljegi uly pikirleri we meýilnamalary hödürläp, öz aralarynda hem-de Ýer ýüzüniň beýleki sebitleri bilen gatnaşyklaryň täze nusgalaryny tapmagyň gözleginde.

 Biziň ýurdumyz uglewodorod, mineral hem-de çig malyň beýleki görnüşleriniň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, öz önümçilik, ulag we logistika düzümlerini depginli artdyrýar.

Türkmenistan Aziýadan Ýewropa tarap strategiki ýollaryň çatrygynda ýerleşip, bu mümkinçilikleri we artykmaçlyklary ösüşiň umumy maksatlarynyň hyzmatyna goýmaga, gatnaşyklaryň anyk ykdysady, söwda, maýa goýum ulgamynyň döredilmegine hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen gitmäge goşandyny goşmaga taýýardyr.

 

Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň.

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi