Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2016-njy ýylyň 12-nji iýunynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.