2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçýär.
Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde adam saglygyna peýdaly täsirini ýetirýän wajyp işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.