icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

13 maý 2022

2543

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky Çykyşy (Aşgabat, 2022-nji ýylyň 12-nji maýy)

Hormatly wekiliýetleriň 

ýolbaşçylary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, sizi Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda tüýs ýürekden mübäreklemäge, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Onuň Aşgabatda geçirilmegine ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany, biziň döwletlerimiziň dostlugyny, özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmaga Türkmenistanyň saldamly goşandynyň ykrarnamasy hökmünde garaýarys.

Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek boýunça ýöredýän ugry, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine, hyzmatdaşlygyň barşynda açylýan uly mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar.

Şu zala ýygnananlaryň ählisiniň şeýle çemeleşmä düşünýändiklerine ynanýarys. Bu çemeleşme döwletimiziň ýolbaşçylarynyň strategik wezipelerine laýyk gelýär, halklaryň isleglerini we jana-jan bähbitlerini beýan edýär, olaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň maksatlaryna hyzmat edýär.

Parlamentleriň bu işe goşýan goşandy örän uludyr. Giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr.

Parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir.

Içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýet ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde parlamentleriň orny örän uludyr.

Häzirki döwürde, aýratyn hem häzirki şertlerde kanun çykaryjylygyň halkara işi, parlament diplomatiýasy örän möhümdir. Bu iş halkara ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň özara düşünişmegine ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukukly, özara hormat goýmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga, siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň köprülerini gurmaga gönükdirilendir we hatda şuňa borçludyr.

Şu babatda biziň ýurtlarymyzyň parlament hyzmatdaşlygynyň mysalynda hut şeýle çemeleşmäniň ähmiýetini we üstünligini aýratyn belläsim gelýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halk wekilleriniň häzirki wagtda ählumumy möçberde parahatçylyk, durnuklylyk işine uly goşant goşmaga, tutuş dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, howpsuzlygyň arhitekturasynyň bozulmagyna ýol bermezlige ukyplydyklaryna şübhelenmeýärin.

Garaşylyşy ýaly, şu günki forumyň barşynda bu babatda zerur çözgütler kabul ediler, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň, olaryň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläkki bilelikdäki iş üçin anyk ugurlar kesgitleniler.

Şu ýerde çykyşymy ýurdumyzyň taryhyna gysgaça nazar aýlamak bilen dowam etmek isleýärin. Hawa, türkmen parlamenti Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaşdyr. Ýöne biziň parlamentarizmimiziň many-mazmuny we häsiýeti asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar.

Gadymy döwürlerden bäri türkmenlerde möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmekde çözmek hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny bermek üçin örän mynasyp, uly durmuş we döwlet tejribesine eýe bolan, jogapkärli hem-de öňdengörüjilikli adamlary saýlamak däp bolupdyr. Munuň özi hemişe giň, häzirki döwürde aýdylyşy ýaly, demokratik esasda amala aşyrylypdyr. Biz bu däbi, taryhy parasatlylygy saklap galdyk, asyrlarboýy aýawly dowam etdirdik hem-de iş ýüzünde ulanyp, özygtyýarly we garaşsyz ösüş ýoluna düşdük.

Özboluşly gurama — Ýaşulular geňeşi şeýle wekilçiligiň görnüşleriniň birine öwrüldi. Bu gurama ýurdumyzda uly abraýa hem-de hormat-sarpa eýedir. Biz hakyky halk wekilçiliginiň baý mirasyna daýanyp, häzirki zaman şertlerinde onuň dowamatlylygyny üpjün etdik. Biz türkmen parlamentarizmini ösdürmek işini emeli wagt çäklerine salmaga synanyşmadyk. Gaýtam, adamlara, ýurdumyzyň raýatlaryna özlerine aňly-düşünjeli hem-de öňki nesilleriň tejribesi, milli özboluşlylyk, ahlak ýörelgeleri esasynda olaryň ýurdumyzyň baş kanun çykaryjy edarasynda wekilçiliginiň nähili bolmalydygyny seçip almaga, onuň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny we maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berildi.

Türkmenistanyň parlamenti özüniň işini yzygiderli ösdürip, ýakynda işiň iki palataly görnüşine geçdi, onuň ygtyýarlyklary we san taýdan düzümi ep-esli giňeldildi. Bu gün bolsa biziň parlamentimiz diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmeýär. Ol türkmen halkynyň köki-damary, biziň asyrlaryň synagyndan geçen taryhy däp-dessurlarymyzy dowam etdirijidir. Oňa milli ösüşiň hakyky bähbitlerini beýan etmäge mümkinçilik berýän hil taýdan möhüm häsiýetnama şundan ybaratdyr diýip hasap edýärin.

Biz Türkmenistanda köppartiýalylyk baradaky meselä hem şeýle yzygiderli, tapgyrlaýyn çemeleşdik. Soňky ýyllarda Türkmenistanda durmuş ýagdaýlarynyň esasynda täze iki partiýa — Agrar partiýa hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. Häzirki wagtda olar Demokratik partiýa bilen bilelikde parlamentde wekilçilik edýärler we öz saýlawçylarynyň bähbitlerini mynasyp goraýarlar.

Men beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyzyň we kärdeşlerimiziň türkmen parlamentiniň nähili edaradygyna has gowy düşünmekleri üçin geçmişe gysgaça syn berdim. Onuň hakyky halk parlamentidigi, onda uly tejribä eýe bolan adamlaryň hem, ýaşlaryň hem — dürli sosial gatlaklaryň wekilleriniň işleýändigini buýsanç bilen aýdyp bilerin. Olaryň ählisini bir maksat — halka we döwlete hyzmat etmek maksady birleşdirýär.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýar. Meniň pikirimçe şolaryň esasylary barada durup geçmäge rugsat ediň!

Sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugry hasaplaýaryn.

Merkezi Aziýanyň içinde hem-de Russiýa bilen gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ruhy diňe bir saklanyp galmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň pugtalandyrylmalydygyna, ösdürilmelidigine, uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan ugur bolmalydygyna şübhelenmeýärin. Bu babatda biziň parlamentlerimiziň orny örän möhümdir. Ol biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk gatnaşyklarynyň üstüni ýetirmelidir hem-de berkitmelidir.

Şeýlelikde, biz, parlamentariler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwletara hyzmatdaşlygyny üpjün etmäge saldamly goşandymyzy goşmagy dowam etdireris.

Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň ret edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ýoýulmagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentlerini, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Parlamentara Bileleşikde has işjeň we sazlaşykly işlemäge çagyrýaryn.

Men häzirki wagtda parlament diplomatiýasynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydygyna berk ynanýaryn. Onuň baş maksady, many-mazmuny we wezipesi hem şundan ybaratdyr. Hut şeýle wezipede biziň halkara parlament işimiz häzirki wagtda örän ähmiýetlidir. Bu babatda biz işjeň we batyrgaý işlemelidiris, tutuş dünýäde gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga we olaryň öňüni almaga, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilen täze pikirleri we çemeleşmeleri teklip etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy, olary anyk wezipeleri çözmäge ugrukdyrmagy zerur hasaplaýaryn.

Ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we olardan netijeli peýdalanmagy teklip edýärin. Munuň özi geljege goşantdyr. Häzirki ýaş parlamentarileriň köpüsi öz ýurtlarynyň döwlet dolandyryşynda, daşary syýasatda, ykdysadyýetde, bank ulgamynda esasy wezipeleri eýeläp bilerler. Şu kuwwatdan peýdalanmak, ýaşlaryň parlamentara işiniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek zerurdyr.

Munuň özi zenan parlamentarileriň işine hem degişlidir. Rehim-şepagatlylyk we duýgudaşlyk duýgusy güýçli bolan eneler, ýanýoldaşlar, uýalar halkara gatnaşyklary has-da ynsanperwerleşdirmäge, onuň üstüni şu dünýäde ýaşamaly geljekki nesiller, çagalarymyz, agtyklarymyz hakyndaky alada bilen ýetirmäge ukyplydyrlar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem biziň parlamentarilerimize uly we döredijilikli işler garaşýar. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk we bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir.

Şu ýerde siziň ünsüňizi Aral deňziniň meselesine çekmek isleýärin. Bu mesele Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine gönüden-göni degişlidir. Biz mundan birnäçe ýyl ozal Russiýa Federasiýasynyň Aralyň ekologiýa betbagtçylygyny ýeňip geçmek işine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi we taýýardygy barada resmi taýdan beýan edendigine ýokary baha berýäris.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Biz Merkezi Aziýa döwletleri we Russiýa tarapyndan utgaşykly parlament goldawyna umyt edýäris.

Häzirki wagtda pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde halkara tagallalara ýardam bermek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmek möhüm wezipe bolup durýar. Size bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmek çagyryşy bilen ýüzlenmek isleýärin.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen mejlisinde Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we halkara tagallalary utgaşdyrmagyň anyk meýilnamasyny hödürledi. Şol meýilnama howply ýokanç keselleri öwrenmek we olaryň öňüni almak boýunça birnäçe teklipleri özünde birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meýilnamanyň örän oýlanyşyklydygyny hem-de şol kesellere halkara derejede netijeli garşy durmak maksatlary bilen şertlendirilendigini aýratyn bellemek isleýärin. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentarilerini şu mesele boýunça umumy çemeleşmeleri kemala getirmegiň, halkara parlament meýdançalarynda ilerletmegiň we goldamagyň üstünde işlemäge çagyrýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygynda ykdysady gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa ägirt uly adam maýasyna, tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna, önümçilik, tehnologik kuwwatlyklaryna eýe bolan hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen birleşen tebigy we birek-biregiň üstüni ýetirýän giňişligi emele getirýär. Şu serişdelerden netijeli peýdalanmak, özara bähbitli uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak biziň ýurtlarymyz üçin möhüm zerurlyk, olaryň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň wajyp şerti bolup durýar. Bu babatda hem parlamentarileriň çetde galyp bilmejekdiklerine ynanýaryn.

Ulag, energetika, senagat taýdan ýakynlaşmak ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk gurallaryny döretmek we olary herekete girizmek, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagyň we sazlaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk we işewür gatnaşyklary kynlaşdyrýan hukuk we beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmagyň üstünde işlemek zerurdyr. Parlamentarilerden zerur bolan we dessin çözgütlere garaşýarys.

Medeni-ynsanperwer ulgam barada biraz aýdasym gelýär.

Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklary asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýarlar. Bizi şahsy, maşgala, hünär gatnaşyklarynyň uly toplumy baglanyşdyrýar. Biz bilelikde agyr synaglardan geçdik, bilelikde ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri gazandyk. Biziň halklarymyzyň her biriniň dürli-dürlüdigine we özboluşlydygyna garamazdan, olary berk medeni gatnaşyklaryň, binýatlaýyn gymmatlyklaryň, ahlak ýörelgeleriniň we däp-dessurlarynyň birleşdirýändigini geň görüp oturmaly däl. Olaryň esasyny bolsa döredijilik, Watana we mähriban ojaga söýgi, maşgala gatnaşyklarynyň mukaddesligi, beýleki halklara hormat goýmak, adalatlylyk, raýdaşlyk we özara goldamak ýaly ýörelgeler düzýär.

Bu gymmatlyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, anyk, düşnükli we ygtybarly kanunçylyk esaslaryny döretmegiň zerurdygyna ynanýaryn. Şol kanunçylyk esaslary döwlet we jemgyýetçilik gurluşyna garaýyşlarymyza hem-de onuň nusgasyny özygtyýarly seçip almagymyza laýyklykda, öňe gitmek üçin ygtybarlylygyň syýasy we ruhy mümkinçiliklerini üpjün eder.

Bu babatda medeniýet we bilim möhüm, belki-de, aýgytlaýjy şert bolup durýar. Men sizi bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmaga, has ysnyşykly medeni gatnaşyklar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň arasynda gatnaşyklar üçin şertleri döretmäge çagyrýaryn. Biziň buýsanmaga, birek-birege teklip etmäge zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Parlament we onuň netijeli işi üstünlikli döwlet gurluşynyň, syýasy ulgamyň ösüşiniň, sagdyn we sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biridir. Munuň özi biziň üstümize aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär.

Häzirki zaman parlamentarizminiň many-mazmuny her bir meselä, hatda ilkibaşda ýönekeý görünýän meselelere hem oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çemeleşmekden, öz işini raýatlaryň, her bir adamyň isleglerine laýyk getirmekden ybaratdyr.

Şöhratparazlyk, az salymlyk syýasy bähbitlere kowalaşmak, biriniň ýoluna köre-körlük bilen eýermek uzak möhletli döwürde döwlete-de, jemgyýete-de hiç haçan peýda getirmändi. Şonuň bilen birlikde, elbetde, biz halkara parlamentarizminiň we kanun çykaryjylygyň, hakykatdan-da, peýdaly tejribesinden ýüz öwürmeli däldiris, ondan iň gowy we durmuş taýdan ykrar edilen zatlary almalydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, biziň birek-birege açyklygymyz, ýola goýlan gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär. Türkmen parlamenti, onuň ähli agzalary Merkezi Aziýadaky we Russiýadaky kärdeşleri bilen has ysnyşykly, yzygiderli, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlyga meýillidir, özüniň tejribesini we meýilnamalaryny paýlaşmaga hemişe taýýardyr.

Şu gezekki forum biziň özara gatnaşyklarymyza döredijilikli itergi bermelidir, onuň yzygiderliligi, dolanuwsyzlygy üpjün edilmelidir, ony täze pikirler we many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr.

Biziň ýurtlarymyz we halklarymyz hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege tüýs ýürekden hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň uly tejribesini topladylar. Halkyň saýlanlary hökmünde biziň bu beýik baýlygy aýawly saklamalydygymyza hem-de baýlaşdyrmalydygymyza, ony adamlaryň hyzmatynda goýmalydygymyza, olara mynasyp zähmet çekmäge, öz döwletleriniň geljegine, olaryň rowaçlygyna we ösüşine berk ynam bilen çagalary terbiýelemäge mümkinçilikleri üpjün etmelidigimize ynanýaryn. Men öňde goýlan maksatlaryň ählisine ýetiljekdigine birjik-de şübhelenmeýärin.

Şu duşuşygyň barşynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada möhüm, gyzykly we çuň manyly pikir alyşmalar boldy, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary kesgitlenildi, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bellenildi.

Çykyşlar foruma gatnaşyjylaryň ýokary hünär derejesine hem-de kanuna, döwlete, adamlara hyzmat etmegiň belent ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezdi. Biz köp sanly täzeçil pikirleri we çemeleşmeleri, garaýyşlary hem-de bahalary diňledik. Şolaryň kanun çykaryjylygyň nazaryýetini we tejribesini baýlaşdyrjakdygy, geljekki iş üçin oňat ugrukdyryja öwrüljekdigi şübhesizdir.

Şu gezekki mejlis Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara gatnaşyklarynyň şu görnüşiniň peýdaly häsiýete, ägirt uly kuwwata eýedigini görkezdi. Bu gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary örän giňdir we dürli-dürlüdir. Ol özüne içeri we daşary syýasatyň meselelerini, sebit hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegi, ykdysadyýeti, söwdany, ulag, kommunikasiýa ulgamlaryny, energetikany, senagat taýdan ýakynlaşmagy, ekologiýany, Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibini, medeniýeti, ylmy we bilimi hem-de beýleki birnäçe meseleleri birleşdirýär.

Munuň özi häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzda parlament işiniň iş ýüzündäki wezipeleri çözmäge, döwletara hyzmatdaşlygyň anyk meýilnamalaryna ýardam bermäge gönükdirilendigini alamatlandyrýar. Şu görnüşdäki özara gatnaşyklaryň güýçli tarapy şundadyr diýip hasaplaýaryn.

Forumyň işiniň başlanmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň kanun çykaryjylarynyň täzeçe pikirlenýändiklerini, biziň döwletlerimiziň birek-birek üçin wajypdygyna we gerekdigine düşünýändiklerini, hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki kuwwatynyň uludygyna göz ýetirýändiklerini hem-de ondan netijeli peýdalanmaga ýardam bermäge taýýardyklaryny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Forum ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Dünýä entek pandemiýa koronawirusyndan aýňalmady. Halkara ýagdaý çylşyrymlaşdy. Şu şertlerde Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlylygy aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi biziň bilelikde täze wehimlere üstünlikli garşy durup biljekdigimize, döwletlerimiziň syýasy ulgamlarynyň durnuklylygyny, olaryň ykdysady ösüşini, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etjekdigimize ynamymyzy has-da artdyrýar.

Men dabaraly mejlisiň netijelerine ýokary baha berýärin. Onuň jemleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertine öwrüljekdigine şübhelenmeýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi