2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “Tokionyň Imperator köşgünde” Ilçi Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Onuň Alyjenaby Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Imperator Naruhito Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.