2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Tokio şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Maýa goýum forumy geçirildi. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi.
Agzalan forum açylyşdan hem-de söwdany maliýeleşdirmeklige, arassa energiýa çeşmelerine geçmeklige we akylly infrastrukturalary ornaşdyrmaklyga gönükdirilen mejlislerden ybarat boldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Serdarow ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumlary üçin döredilýän mümkinçilikler, maýa goýumy üçin ileri tutulýan ugurlar we taslamalar barada habar berip, maýadarlary ol taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň çäklerinde Ýewropanyň Täzeleýiş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň hem-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.