icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

16 awgust 2022

2168

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary!

Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin!

Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu bolsa duşuşygyň ähmiýetini, derwaýyslygyny we öz wagtynda çagyrylandygyny görkezýär. Elbetde, gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň şaýadydyr, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky ählumumy hyzmatdaşlyga goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlaryň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan hem, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin esasy birleşdiriji şerte öwrülýär.

Häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag-kommunikasiýalar düzümi ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biler. Maýa goýum işjeňligini höweslendirip, belli bir derejede tutuş ählumumy geoykdysady ulgama täze many-mazmun bermäge ukyplydyr.

Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar.

Bularyň hemmesi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depginindäki tapawutlyklardan, hemmetaraplaýyn peselmeginden we çökmeginden kepillendirýär.

Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar.

Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Koronawirus pandemiýasy ähli döwletlere diýen ýaly öz täsirini ýetirdi. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmegine ýaramaz täsir etdi. Ýöne ulag düzüminiň nukdaýnazaryndan, hut deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar köp zyýan çekdi. Şeýle şertlerde tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli gönükdirmek zerurlygy ýüze çykdy.

Bu ýerde iň möhüm ugurlaryň biri BMG-niň çäklerinde umumy iş ýörelgelerini işläp taýýarlamak bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjy bilen çykyş edipdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça möhüm Rezolýusiýalary kabul edildi.

Häzirki döwürde dünýä ulaglar ulgamyny ösdürmek, özi-de iň ýokary derejede ösdürmek boýunça dialogyň başlanandygyny we has oýlanyşykly, bitewi häsiýete eýe bolup başlandygyny ynam bilen tassyklap bolar. Oňa döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalar gatnaşýarlar.

Bu üstünliklere kanuny ýagdaýda guwanmak bilen, Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny peseltmez. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz ony güýçlendirmäge we giňeltmäge, täze anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin.

Şeýle hem biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris.

Şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer. Dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr.

Şu başlangyçlaryň goldanjakdygyna biz bil baglaýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Aşgabat prosesi umumydünýä ulag gün tertibiniň örän möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ol ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge niýetlenendir. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, biziň hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şu maslahatyň dowamynda siz deňhukukly, özara bähbitli we hakyky hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy ulag akymlarynda strategik çelgileri we goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp bilersiňiz.

Şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket eder.

Maslahata gatnaşýanlaryň ählisine bu ugurda üstünlikleri arzuw edýärin!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi