icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 noýabr 2021

3593

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary boldy.

Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň uly toplumy we umumy bähbitlere degişli möhüm halkara meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.

Döwletleriň Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan, sarsmaz dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler.

Prezidentler iki döwletiň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygyna daýanýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegi we pugtalandyrmagy mundan beýläk-de dowam etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmeginiň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösüşini pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigi barada umumy pikir beýan edildi.

Prezidentler halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça birmeňzeş garaýyşlarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtap, dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Prezidentler Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň agzalary bolup durýan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde edilýän tagallalary utgaşdyrmagyň peýdalydygyny nygtadylar. Ählumumy meseleler çözülende, durnukly ösüş üpjün edilende, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ornunyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezdiler.

Prezidentler Türkmenistanyň synçy hökmünde gatnaşýan Türki Döwletleriň Guramasynyň VIII sammitiniň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde üstünlikli geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtap, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada ylalaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine, ählumumy we sebitleýin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hyzmat edýändigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.

Terrorçylyga, ekstremizme, düzgünleşdirilmedik migrasiýa, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki wehimlerine garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

Prezidentler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetlidigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler ýokary goşmaça bahasy bolan önümleriň söwdasy arkaly özara söwdanyň möçberlerini has-da artdyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça utgaşdyryjy häsiýete eýe bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işjeňligini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary telekeçiler üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, olaryň harytlaryny hem-de hyzmatlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjak işewürlik maslahatlaryny guramagyň möhümdigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler özara maýa goýumlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtap, mundan beýläk-de umumy bähbitler esasynda maýa goýumlary özara goldamaga, goramaga we höweslendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler ulag we üstaşyr geçelgelerde ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasynda halkara söwdany ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Döwletleriň Baştutanlary ulag babatda iki ýurduň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm taslamalary, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň taslamasyny, Hazarüsti Gündogar — Günbatar halkara orta geçelgesi ulag ugrunyň çäklerindäki taslamalary mundan beýläk-de goldamagy dowam etdirjekdiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň çäklerinden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Prezidentler daşary söwda degişli harytlar üstaşyr daşalanda, nyrhlary mundan beýläk-de amatly ýagdaýa getirmäge hem-de zerur şertleri döretmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etmäge taýýardyklaryny ýene-de tassyklap, Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky Ylalaşygy (Lazurit ugry boýunça Ylalaşyk) iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp geçdiler.

Prezidentler ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Ylym we tehnika, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Prezidentler ýokanç keselleriň öňüni almak, olary bejermek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak, sanjymlary, derman we beýleki lukmançylyk serişdelerini öndürmek, olar bilen üpjün etmek babatda guramalaryň arasynda özara hereketleri we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Prezidentler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn hökümetara we pudagara resminamalaryň ähmiýetini bellediler. Resminamalar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türk wekiliýetine myhmansöýerlik görkezendigi, mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini amatly wagtda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabry.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi