icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 ýanwar 2023

3063

Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisiniň Geofizika we inženerçilik seýsmologiýa institutynyň direktory bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Geofizika we inženerçilik seýsmologiýa institutynyň direktory Jon Karapetýan bilen duşuşygy geçirildi.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerekdir. Bu maksada gönikdirlen hyzmatdaşlygyň dowamynda köp sanly duşuşyklar geçirildi we hyzmatdaşlar birnäçe gezek dürli halkara çärelerine gatnaşdylar, seýsmologiki derňewler çygrynda tejribe alyşdylar. Iki döwletiň alymlarynyň hyzmatdaşlyk etmek babatyndaky gyzyklanmalary ylmy derňewleriň maksatlarynyň deň gelmegi, geofizika çygrynda seýsmologiýanyň öňünde durýan meňzeş meseleler we meseleleri çözmekde, seýsmiki howpa baha bermekde, seýsmiki howp we töwekgelçilik kartasyny döretmekde şeýle hem häzirki zaman enjamlaryny ulanmak bilen derňewiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda meňzeş çemeleleşmeler bilen düşündirilýär.

J.Karapetýan häzirki wagta çenli iki hyzmatdaş institutyň hünärmenleriniň düýpli we amaly meseleleri çözmek maksady bilen ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde özara gyzyklanmalarynyň gitdigiçe artýandygyny belledi. Bu isleg 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegi bilen durmuşa geçirildi.

Gyzykly gürrüňdeşligiň dowamynda Ilçi M.Aýazow myhmana şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň – Arkadag şäheriniň konsepsiýasyny görkezdi. Güljemal Saryýewanyň “Arkadag şäherini gurmakda alymlaryň goşandy” makalasyna salgylanmak bilen Ilçi J.Karapetýana Institut-hyzmatdaş tarapyndan berlen ylmy derňewler we maglumatlar esasynda Arkadag şäherinde seýsmiki mikrosebitleýiş işleriniň geçirilýändigini habar berdi. Bu bolsa öz gezeginde inženerçilik-geologiki maglumatlara laýyklykda kesgitlenen taksonomiki birlikleriň degişli serhetlerine laýyk gelýän dürli seýsmiki depginli zolaklary bellige almaga ýardam eder. Şeýle hem täze gurulýan şäheriň maketlerini we inženerçilik çözgütlerini öz içine alýan slaýd görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda J.Karapetýan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde gurulýan Arkadag şäheri barada maglumatlary ýaýbaňlandyrjakdygy barada habar berdi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi