icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 fewral 2017

4147

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky  diplomatik wekilhanalary hakynda

(Türkmenistanyň 16.08.2014 ý.№115-V Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I bap Umumy düzgünler

1-nji madda

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda hemişelik hereket edýän diplomatik wekilhanalary (mundan beýläk - diplomatik wekilhanalar) öz döwletlerine wekilçilik edýärler, resmi döwletara gatnaşyklaryny saklaýarlar, şol döwletleriň we olaryň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goraýarlar.

2-nji madda

Diplomatik wekilhanalara halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kesgitlenýän öz wezipelerini amala aşyrmaklary üçin şu Kanunda görkezilen artykmaçlyklar we immunitetler berilýär.

3-nji madda

Şu Kanunda görkezilen artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýan adamlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, onuň halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.

4-nji madda

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan adalgalar olaryň diplomatik gatnaşyklar hakyndaky 1961-nji ýylyň Wena Konwensiýasynda kesgitlenýän manysyna laýyklykda ulanylýar.

II bap. Diplomatik wekilhanalaryň Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklary

5-nji madda

Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary - olaryň bellenilmegine Türkmenistanyň Hökümetiniň deslapky razylygy (agreman) bolan ilçiler we nunsiler, wekiller we internunsiler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda, işleri ynanylanlar bolsa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýanynda ýerleşýärler.

6-njy madda

Ilçiler we nunsiler, wekiller we internunsiler Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşuran senesinden başlap öz borçlaryna girişýärler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ynanç hatlaryny kabul edýär.

Işleri ynanylanlar öz döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hatlaryny Türkmenistanyň daşary işler ministrine beren pursatyndan başlap öz borçlaryna girişýärler.

7-nji madda

Ýerleşdirýän döwlet bu hakda Türkmenistanyň Hökümetini deslapdan habarly eden mahalynda diplomatik wekilhananyň baştutany ýa-da diplomatik wekilhananyň islendik agzasy başga ýa-da beýleki döwletlerde ýerleşdirilip bilner.

8-nji madda

Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygy bilen Türkmenistanyň raýaty diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň agzasy bolup biler. Şeýle razylyk islendik wagt ýatyrylyp bilner.

9-njy madda

Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryşedaralary bilen resmi gatnaşyklary ýola goýýarlar we saklaýarlar.

10-njy madda

Diplomatik wekilhana aşakdakylar hakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini deslapdan habarly edýär:

-diplomatik wekilhananyň işgärlerini bellemek, olaryň gelmegini we gitmegini ýa-da  olaryň diplomatik  wekilhanadaky  işini togtatmak hakynda;

-diplomatik wekilhananyň işgäriniň maşgalasyna degişli adamyň gelmegi we gutarnykly  gitmegi hakynda;

-diplomatik wekilhanalaryň işgärleriniň hususy öý işgärleriniň gelmegi we gutarnykly gitmegi hakynda;

-diplomatik wekilhananyň işgärleri ýa-da artykmaçlyklara we immunitetlere hukugy bolan öý işgärleri hökmünde Türkmenistanyň raýatlaryny ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryhakyna tutmak we boşatmak hakynda.

11-nji madda

Diplomatik wekiliniýerleşdirýän döwlet diplomatik wekilhananyň bir bölegini düzýän diwanhanany Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygy bolmazdan Türkmenistanyň beýleki ilatly ýerlerinde döredip bilmez.

III bap. Diplomatik wekilhana, diplomatik personalyň baştutanlaryna we agzalaryna berilýän artykmaçlyklar hem-de immunitetler

12-nji madda

Diplomatik wekilhananyň eýeleýän jaýlary eldegrilmesizdir. Olara diňe diplomatik wekilhananyň baştutanynyň ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň razylygy bilen barmak bolar. Bu jaýlar we şolarda ýerleşýän emläk, şeýle hem diplomatik wekilhananyň ulag serişdeleri mejbury hereketleriň ählisinden, şol sanda olary dökmek, rekwizisiýa etmek, hat-habarlaryalmak we tussag etmek ýaly hereketlerden penalanmak üçin immunitetden peýdalanýar.

Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň rezidensiýasy we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalarynyň ýaşaýan jaýlary, olarda ýerleşýän emläk, şeýle hem ulag serişdeleri diplomatik wekilhananyň jaýlary ýaly eldegrilmesizlikden we goraglylykdan peýdalanýar.

Görkezilen jaýlar we ulag serişdeleri diplomatik wekilhananyň wezipeleri bilen bir ýere sygyşmaýan maksatlar üçin peýdalanylmaly däldir.

13-nji madda

Diplomatik wekilhananyň jaýynda we diplomatik wekilhananyň baştutanynyň rezidensiýasynda diplomatik wekilini belleýän döwletiň baýdagy asylyp we nyşany goýlup bilner. Ýerleşdirýän döwletiň baýdagy diplomatik wekilhananyň baştutanynyň ulag serişdelerinde hem oturdylyp bilner.

14-nji madda

Diplomatik wekilhana öz hökümeti bilen, öz ýurdunyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän konsullyk we beýleki wekilhanalary, öz ýurdunyň üçünji döwletlerdäki diplomatik we konsullyk wekilhanalary bilen adaty aragatnaşyk serişdeleri, kodlanan we şifrlenen depeşalar (gyssagly habar ýetirmek), şeýle hem diplomatik poçta arkaly päsgelçiliksiz aragatnaşyk edip biler. Diplomatik wekilhana diňe Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň rugsady bilen radio arkaly habar beriji enjamlary oturdyp we olardan peýdalanyp biler.

Diplomatik wekilhananyň arhiwleri, resminamalary we resmi hat alyşmagy eldegrilmesizdir.

Diplomatik poçta açylmaga we saklanylmaga degişli däldir. Diplomatik poçtany düzýän ähli ýerlerde olaryň häsiýetini görkezýän we göze görünýän daşky nyşanlary bolmalydyr we olaryň düzüminde diňe resmi taýdan peýdalanmak üçin niýetlenen diplomatik resminamalar hem-de närselerbolup biler.

Diplomatik çapar öz borçlaryny ýerine ýetirende şahsy eldegrilmesizlikden peýdalanýar. Ol tussag edilmäge ýa-da tutulyp saklanmaga sezewar edilip bilinmez.

Daşary ýurt döwleti bilen ýörite ylalaşygyň esasynda diplomatik poçta ýanynda çapar bolmazdan aragatnaşygyň adaty ýollary boýunça iberilip ýa-da diplomatik çapar hasap edilmeýän raýat uçarynyň serkerdesine ynanylyp bilner. Diplomatik wekilhana diplomatik poçtany uçaryň serkerdesiniňgös-göni özünden almak üçin öz işgärini iberip biler.

15-nji madda

Diplomatik wekil belleýän döwlet we diplomatik wekilhananyň baştutany diplomatik wekilhananyň; hususy ýa-da kärendesine alnan jaýlary babatynda ähli döwlet we ýerli salgytlardan, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar, hyzmat etmegiň anyk görnüşleri üçin töleg alynýan salgytlar, ýygymlar we paçlar muňa girmeýär.

16-njy madda

Diplomatik wekilhana resmi peýdalanmak üçin niýetlenen zatlary, diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary bolsa, özleriniň şahsy peýdalanmaklary üçin niýetlenen zatlary getirip bilerler.

Diplomatik wekilhananyň resmi peýdalanmagy üçin niýetlenen zatlar, şeýle hem diplomatik wekilhananyň baştutanynyň hem-de wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalarynyň şahsy peýdalanmagy üçin niýetlenen zatlar, ilkibaşda edinilýän zatlarygoşmak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük paçlaryndan, salgytlardan we ýygymlardan boşadylýar, ammar ýygymlary we daşamak üçin ýygymlar muňa degişli däldir.

Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň hem-de wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalarynyň öz ýüki barlagdan boşadylýar, getirilmegi we äkidilmegi Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly gadagan edilen zatlaryň barlygynyň subutnamalarynyň bolan halatlary muňa degişli däldir. Diplomatik agentiň ýüküniň gümrük barlagy onuň özüniň gatnaşmagynda ýa-da onuň ygtyýarly adamynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

17-nji madda

Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary şahsy eldegrilmesizlikden peýdalanýarlar. Olar tutulyp saklanylmaga, barlanylmaga we tussag edilmäge sezewar edilip bilinmez we olara Türkmenistanyň çägi boýunça ondan-oňa gitmek erkinligi üpjün edilýär, girilmegi Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça düzgünleşdirilýän aýry-aýry ýerleriň çäkleri muňa degişli däldir.

18-nji madda

Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary Türkmenistanyň jenaýat, raýat we administratiw ýurisdiksiýasynda immunitetden peýdalanýarlar.

Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalarynyň raýat-hukuk gatnaşyklaryna hususy adamlar hökmünde girýän halatlaryna raýat ýurisdiksiýasy boýunça berilýän immunitet degişli däldir.

Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary şaýatlar hökmünde görkezmeler bermäge borçly däldirler, şeýle görkezmeleri bermäge razylygy bolan halatynda munuň üçin olaryň kazyýete ýa-da derňew edaralaryna barmagy hökman däldir.

Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary şaýatlar hökmünde görkezmeler bermäge borçly däldirler, şeýle görkezmeler bermäge razylyk bolan halatynda munuň üçin olaryň sud ýa-da derňew organlaryna barmagy hökman däldir.

19-njy madda

Diplomatik wekilhananyň baştutany we diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary ähli salgytlardan, ýygymlardan we paçlardan, şeýle hem aşakdakylardan başga ähli şahsy borçlaryndan boşadylýarlar:

-gytaklaýyn salgytlardan;

-hususy gozgalmaýan emläk üçin ýygymlardan we salgytlardan;

-miras üçin salgytlardan, miras almak we şahsy girdejiler üçin paçlardan;

-kommersiýa işi üçin salgytlardan;

-telekeçilik işi üçin salgytlardan;

Halkara-hukuk namalary bilen deňeşdirilende diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we diplomatik wekilhanalaryň diplomatik personalynyň agzalary babatynda salgyt salmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goşmaça ýeňillikler bellenilip bilner.

20-nji madda

Şu Kanunyň 16-19-njy maddalarynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklar we immunitetler diplomatik wekilhananyň baştutanynyň maşgala agzalaryna, şeýle hem wekilhananyň diplomatik personalynyň maşgala agzalaryna degişlidir, eger-de maşgala agzalary görkezilen adamlar bilen bile ýaşaýan bolsalar we Türkmenistanyň raýatlary bolmasalar.

21-nji madda

Diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň Türkmenistanyň raýaty bolup durýan agzalary diňe ýurisdiksiýa boýunça immunitetden hem-de resmi we gulluk wezipelerini ýerine ýetirenlerinde eldegrilmesizlikden peýdalanýarlar.

Olaryň durmuş ätiýaçlandyrmasynyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenilýär.

22-nji madda

Şu Kanuna laýyklykda artykmaçlyklara we immunitetlere hukugy bolan adam öz wezipesine girişmek üçin gelen mahalynda onuň Türkmenistanyň çägine giren pursadyndan başlap ýa-da eger ol eýýäm bu çäkde bolsa, onuň wezipä bellenilýändigi hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine habar berlen pursadyndan başlap olardan peýdalanýar.

Görkezilen adam öz wezipe ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly Türkmenistandan çykyp gitse ýa-da çykyp gitmek üçin paýhasly möhletiň geçmegi bilen onuň artykmaçlyklary we immunitetleri bes edýär. Ýöne özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä Türkmenistandan çykyp gitmedik adam babatynda artykmaç hukuklar we immunitetler hereket etmegini dowam etdirýärler.

Wekilhananyň işgäri aradan çykan halatynda onuň maşgala agzalary ýurtdan çykyp gitmek üçin paýhasly möhletiň geçmegine çenli artykmaç hukuklardan we immunitetlerden peýdalanmaklaryny dowam etdirýärler.

Diplomatik wekilhananyň Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan ýa-da onda hemişelik ýaşamadyk işgäri ýa-da onuň bilen bile ýaşan onuň maşgala agzasy aradan çykan halatynda, merhumyň gozgalýan emlägini äkitmäge rugsat berilýär, aradan çykan döwrüne çenli Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen äkitmek gadagan edilen emläk muňa degişli däldir.

Miras üçin salgyt we miras almak üçin paçlar gozgalýan emläkden alynmaýar.

23-nji madda

Türkmenistan bilen öz diplomatik wekilhanasy bolan beýleki döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklar kesilen halatynda:

-Türkmenistanyň Hökümeti emlägi we arhiwi bilen bilelikde diplomatik wekilhananyň, jaýyny hormatlaýar we goraýar;

-ýerleşdirýän döwlet Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygy bilen öz diplomatik wekilhanasynyň binasyny onuň emlägi we arhiwleri bilen bilelikde goramagy, şeýle hem öz bähbitleriniň we öz raýatlarynyň bähbitleriniň goralmagyny Türkmenistanyň çäginde diplomatik wekilhanasy bolan üçünji döwlete ynanyp biler.

IV bap. Diplomatik wekilhananyň administratiw-tehniki we hyzmat ediji personalyna berilýän artykmaçlyklar hem-de immunitetler

24-nji madda

Diplomatik wekilhananyň administratiw-tehniki personalynyň agzalary we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary, eger olar Türkmenistanyň raýatlary bolmasalar ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamasalar, şu Kanunyň 12-nji maddasynda (olaryň eýeleýän ýaşaýyş jaýlary babatynda), 16-njy maddasynda (diplomatik personalyň agzalarynyň şahsy ýüküni barlamakdan boşatmak bilen baglanyşykly üçünji böleginden başga) hem-de Türkmenistanyň raýat we administratiw ýurisdiksiýasy boýunça immunitetiň diňe gulluk borçlary ýerine ýetirilende administratiw-tehniki personalyň işgärleri tarapyndan edilen hereketlere degişlidigini aradan aýryp, 17-19-njy maddalarynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýarlar.

25-nji madda

Diplomatik wekilhananyň hyzmat ediji personalynyň Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan agzalary gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olaryň eden hereketleri, şeýle hem gulluk ýeri boýunça alýan zähmet hakyna salynýan salgytlardan, ýygymlardan we paçlardan hem-de ähli şahsy borçlardan boşatmak babatda şu Kanunyň 18-nji maddasynda göz öňünde tutulan immunitetden peýdalanýarlar. Olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary, eger olar Türkmenistanyň raýatlary bolmasalar ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamasalar, ähli şahsy borçlaryndan boşadylmakdan peýdalanýarlar.

Wekilhananyň işgärleriniň öý işgärleri, eger olar Türkmenistanyň raýatlary bolmasalar ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamasalar, öý işgärleri hökmünde olaryň alýan zähmet hakyna salynýan salgytlardan we ýygymlardan boşadylýarlar.

26-njy madda

Diplomatik wekilhananyň Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan administratiw-tehniki, hyzmat ediji personalynyň agzalary we öý işgärleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenilýän artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýarlar.

Olaryň durmuş ätiýaçlandyrmasynyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

V bap. Jemleýji düzgünler

27-nji madda

Diplomatik wekilhanalaryň diplomatik personalynyň agzalary üçin şu Kanunda göz öňünde tutulan artykmaçlyklar we immunitetler resmi we resmi däl saparlar bilen daşary ýurt döwletleriniň döwlet, hökümet we parlament wekiliýetleriniň Türkmenistanda bolýan baştutanlaryna we agzalaryna degişlidir.

28-nji madda

Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti           

Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 20-nji dekabry

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi