2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Rawalpindi Söwda-senagat edarasynda (RSSE) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary üçin sebitleýin baglanyşyk bölüminiň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabara RSSE-niň prezidenti Sakib Rafik, RSSE-niň ýolbaşçylary, Aziýa eko-siwilizasiýa, gözleg we ösüş institutynyň başlygy Zahid Latif Han, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Ilçileri, işewür we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşanlar çykyşlarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň we söwda-senagat edarasy derejesindäki işewür gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, sebitiň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjek RSSE-de ýörite bölüm döredildi.
Bölümiň sergi stendinde sebitiň ýurtlary barada materiallar görkezildi, şol bir wagtyň özünde Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasaty, ýurtda bolup geçýän halkara ähmiýetli çäreler, şeýle hem döwlet we hususy eýeçilikdäki türkmen kompaniýalar barada broşýuralar ýerleşdirildi.