icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

12 fewral 2023

11601

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(2023-nji ýylyň 10-njy fewraly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk. Geçen ýyl bellän meýilnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly ýerine ýetirmegi başardyk. Döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim, şol sanda senagatda 6,3, söwdada 8,9, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy. Maýa goýumlar 14,2 göterim ösdi. Önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy.

Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş ornuny döretdik. Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy. Ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgany ulanmaga berdik. Biziň başarjaň daýhanlarymyz geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Geçen ýyl biz meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.

Ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Köp sanly çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary gurulýar.

Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmagy gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan bökdençlikler, çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşygy azalýar. Biz şu ýyl üçin gowy Döwlet býujetini kabul etdik. Zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny ýene-de ýokarlandyrdyk.

Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy. Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlandy. Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir.

Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Geçen ýyl Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berildi. Biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady boldy. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.

Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy. Bu bolsa häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdir. Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de dowam etdireris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy. Şoňa görä-de, men Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge we goldamaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga hemaýat etmelidir. Ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir. Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Biz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidiris. Ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almak elýeterli bolmalydyr. Olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmeli, şeýle-de ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermeli. Ýaşlaryň işine maýa goýumlary gönükdirmek hem zerur bolup durýar. Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer. Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça işleri geçirmek hem zerurdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler. Häzirki ýaşlar özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýar.

Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz şu ýyl üçin örän uly Maksatnamany kabul etdik. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar.

Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumy gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.

Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalary, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athanany ulanmaga tabşyrarys.

Biz şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizeris. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.

Şu ýyl biz birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlary goýup başlamalydyrys. Esasy pudaklarda tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge milliardlarça manat gönükdirmelidiris.

Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, täze ýaş hünärmenleri taýýarlamagy hem dowam etmelidiris.

Şu ýylyň dowamynda biz birnäçe halkara çäreleri geçireris. Beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetleri kabul ederis hem-de birnäçe halkara maslahatlary geçireris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işi öz içine alýar. Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur bolup durýar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2023-nji ýyl üçin bellän täze sepgitlerimize hem ýetjekdigimize berk ynanýaryn.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi