2023-nji ýylyň 11-nji martynda ABŞ-nyň Siettl şäheriniň “Şorlaýn Komýuniti” kollejinde Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa ABŞ-nyň Waşington ştatynyň “Şorlaýn Komýuniti” we “Kaskadia” kollejlerinde bilim alýan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar hem-de ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çärede türkmen talyp ýaşlary türkmen we iňlis dillerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň watançylyk, agzybirlik hem-de parahatçylyk baradaky giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary we goşgylary barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Soňra çärä gatnaşyjylar özlerinde döreýän gyzyklanmalary, hususan-da, Magtymgulynyň eserleriniň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde wajyplygy barada sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Edebiýat agşamyna gatnaşanlar parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.