icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

17 mart 2023

1405

Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň rektory we Gruziýanyň Arhitektorlar bileleşiginiň başlygy bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze we Gruziýanyň arhitektorlar birleşiginiň başlygy N.Hwedeliani bilen duşuşdy.

Duşuşykda medeniýet, bilim, ylym we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleri geçirmek meselelerine garaldy. Ilçi duşuşyga gatnaşyjylary şu ýyl Türkmenistanda meýilleşdirilýän möhüm wakalar we çäreler bilen tanyşdyrdy.

Ahal welaýatynyň täze häzirki zaman dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Gurluşygyň tapgyrlary, şäherde gurulýan binalar we desgalar, seýilgähler, şeýle hem “akylly şäher” tehnologiýalarynyň esasynda işlemegi üpjün etjek häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary barada jikme-jik maglumat berildi.

D.Gurgenidze we N.Hwedeliani Arkadag şäheriniň taslamasyna uly gyzyklanma bildirdiler we Ahal welaýatyň häzirki zaman, dünýä derejesindäki dolandyryş merkeziniň täzeçil şäheriň nusgasyna we türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüljekdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi