icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 fewral 2017

7325

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda

Şu Kanun Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) we zähmet, telekeçilik ýa-da gaýry işlerini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary

Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamalary bar bolan adamlar Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary diýlip ykrar edilýär.

2-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Türkmenistandaky Daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri

Eger Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryndan başga zat gelip çykmaýan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary ýerine ýetirýärler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, teniniň reňkine we haýsy millete degişliligine, jynsyna, bilimine, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, kanunyň öňünde deňdirler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň öz hukuklaryndan we azatlyklaryndan peýdalanmaklary jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý  etmek

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryna berlen hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlary ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlary hormatlamaga borçludyrlar.

5-nji madda. Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary

Eger Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama bar bolsa, olar Türkmenistanda ýaşap bilerler. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

Başga bir kanuny esasda Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary diýlip hasap edilýär. Olar öz daşary ýurt pasportlaryny ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalaryny bellenilen tertipde hasaba aldyrmaga hem-de özleri üçin bellenilen bolmak möhleti tamamlanandan soň, Türkmenistandan gitmäge borçludyrlar.

6-njy madda. Gaçybatalga bermek

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistan daşary ýurt raýatlaryna kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.

Gaçybatalga bermek hakyndaky mesele Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çözülýär.

II bap. TÜRKMENISTANDAKY DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ ESASY HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY

7-nji madda. Zähmet işi

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işçiler ýa-da gullukçylar hökmünde işläp ýa-da başga bir zähmet işi bilen meşgullanyp bilerler.

Eger Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlarynyň zähmet işi olaryň Türkmenistanda bolmaklarynyň maksatlaryna laýyk gelýän bolsa we olaryň zähmet işiniň görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän bolsa, olar Türkmenistanda zähmet işi bilen meşgullanyp bilerler.

Eger aýry-aýry wezipelere bellemek ýa-da belli bir zähmet işi bilen meşgullanmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligi bilen baglanyşykly bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary şol wezipelere bellenilip ýa-da şol zähmet işi bilen meşgullanyp bilmezler.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygyndan başga zat gelip çykmaýan bolsa Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklary bardyr we borçlary ýerine ýetirýärler.

8-nji madda. Dynç alyş

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda dynç almak hukugy bardyr.

9-njy madda. Saglygy goramak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygyny goramakda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryndan we lukmançylyk hyzmatlaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esasda we tertipde peýdalanýarlar.

10-njy madda. Durmuş üpjünçiligi

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen esaslarda we tertipde durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.

11-nji madda. Ýaşaýyş jaýyna hukuk

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.

12-nji madda. Emläk we şahsy emläk däl hukuklar

Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýy we başga emlägi bolup biler.

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emlägi miras alyp hem-de wesýet edip bilerler, olaryň ylym, edebiýat we sungat eserleri, açyşlar, oýlap tapyşlar, senagat nusgasy babatda awtorlyk hukuklary, şeýle hem başga emläk hukuklary we şahsy emläk däl hukuklary bolup biler.

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerinden peýdalanmaga hem hukugy bardyr.

13-nji madda. Bilim almak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bilim almaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda okuwçylaryň hem-de talyplaryň hukuklaryna eýedirler we borçlary ýerine ýetirýärler.

14-nji madda. Medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary taryhy we medeni ýadygärliklere, beýleki medeni gymmatlyklara aýawly garamaga borçludyrlar.

15-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak

Eger jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerine girmek hukugy bardyr. Daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerindäki agzalygy Türkmenistanyň degişli кanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

16-njy madda. Dine uýmagyň erkinligi

Turkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dine uýmagyň erkinligi kepillendirilýär.

Dini düşünjeler bilen baglanyşykly duşmançylygy we ýigrenç duýgusyny döretmek gadagandyr.

17-nji madda. Nika we maşgala gatnaşyklary

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen we öz aralarynda nikalaşyp we nikasyny bozup bilerler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary nika we maşgala gatnaşyklarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.

18-nji madda. Şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda olaryň şahsyýetiniň, ýaşaýyş jaýynyň, at-abraýnyň we mertebesiniň eldegrilmesizligi kepillendirilýär.

19-njy madda. Türkmenistanyň çägi boýunça hereket etmek we ýaşaýyş ýerini saýlap almak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çägi boýunça erkin hereket edip we ýaşaýyş ýerini saýlap alyp bilerler. Milli howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny we ahlagyny goramak, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen halatlarda hereket etmek we ýaşaýyş ýerini saýlap almak babatda çäklendirilmelere  ýol berilýär.

20-nji madda. Salgytlar we ýygymlar

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryndan Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda salgytlar we ýygymlar alynýar.

21-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň hukuklaryny goramak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň özlerine degişli şahsy, emläk we beýleki hukuklaryny goramak üçin kazyýete we beýleki döwlet edaralaryna, şeýle hem öz ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bardyr.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary kazyýetde Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar.

22-nji madda. Saýlaw hukugyna degişlilik

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saýlawly döwlet edaralaryna saýlap we saýlanyp, şeýle hem ählihalk we ýerli sala salşyklaryna gatnaşyp bilmezler.

23-nji madda. Harby gulluga degişlilik

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby gulluk geçmek borjuny çekmeýärler.

III bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

24-nji madda. Şu Kanunyň raýatlygy bolmadyk adamlar babatyndaky täsiri

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga düzgünler bellenilmedik bolsa, şu Kanunyň düzgünleri Türkmenistanda bolýan (ýaşaýan) raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişlidir.

25-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň we işgärleriniň hem-de beýleki adamlaryň artykmaçlyklary we immunitetleri

Şu Kanunyň düzgünleri daşary ýurtlaryň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň baştutanlarynyň hem-de işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary bilen bellenilen artykmaçlyklaryna we immunitetlerine, şeýle hem şunuň ýaly artykmaçlyklary we immunitetleri bar bolan beýleki adamlara degişli däldir.

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

27-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Şu Kanunyň güýje giren gününden aşakdaky kаnunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky "Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 y., № 9-10, 99-njy madda);

2) 1995-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 38-nji madda);

3) 2000-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň IV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 3-4, 41-nji madda);

4) 2003-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň V bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10-njy madda);

5) 2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 49-njy madda);

6) 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň VI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda).

Türkmenistanyň Prezidenti                                                  

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2011-nji ýylyň 26-njy marty

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi