icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 mart 2023

1955

Kuala-Lumpur şäheriniň häkimliginde şähergurluşyk we şäherleşme meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji 23-nji martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň we Kuala Lumpur şäheriniň häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda, şol sanda şäher ösüşi we şäherleşme pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada Kuala Lumpur şäheriniň häkimini we häkimligiň wekillerini giňişleýin tanyşdyrdy we degişli şekiller we maglumatlar bilen malaý tarapy üpjün edildi. Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalaryň işlenip düzülendigi aýratyn bellendi.

Malaý tarapy Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem şähergurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi