icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 mart 2023

1297

Lýuksemburg Gersogy Türkmenistanyň Ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 22-nji martynda Lýuksemburgdaky "Palais Grand-Dukal" atly Beýik gersoglaryň köşgünde, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Ilçi Sapar Pälwanowyň Şa hezretleri Lýuksemburgyň Gersogy Anrä ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaraly çäräniň çäginde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gersog Anri, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň mähirli we dostlukly salamyny hem-de Türkmenistan halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlary ýetirmegi haýyş etdi.

Monarh bilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn platformalarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bellenildi hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi